SOŇKY HABARLAR
MARTDA GEÇIRILJEK SAÝLAWLARDA GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG SYNÇYLARYNYŇ GELMEGINE GARAŞYLÝAR
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ 2018-NJI ÝYL ÜÇIN IŞ MEÝILNAMASY BILEN TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy. Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletl...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy (oturýan ýeri Ankara şäheri) jenap Kristian Berger bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan üstünlikler we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn özarab...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler....
BMG-NIŇ ILAT GAZNASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginde BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan bilen 2018-2019-njy ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen gelen BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistan boýunça edarasynyň direktory Juliýa Walezeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurl...
GRUZIÝADA “TÜRKMENISTAN - SAGDYN DURMUŞYŇ WE SPORT ÜSTÜNLIKLERINIŇ ÝURDY” ADY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy fewralyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň “Rooms” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi. Agzalan maslahata, Gruziýanyň Parlamentiniň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça komitetiniň başlygy M.Kawelaşwili, Gruziýanyň Sport federasiýasynyň başlygy Z.Bokolişwili, Gruziýanyň Turizm federasiýasyny...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi. Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akk...